Philips Sonicare 5500 Series HX7111 handleiding

755 pagina's
PDF beschikbaar

Handleiding

Je bekijkt pagina 500 van 755
500
Türkmençe
- Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar bolan önümler bilen gönümel
galtaşdyrmaň. Galtaşma gyllaryň gopmagyna eltip biler.
- Ulanmagyň maksimum beýikligi 4500 metrdir.
LUKMANÇYLYK DUÝDURYŞLARY
- Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa, ganama ulanyşdan 1
hepde geçensoň ýüze çykmaga dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry
duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman bilen
maslahatlaşyň.
- Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny geçiren bolsaňyz, bu
enjamy ulanmazdan öň stomatologyňyz bilen maslahatlaşyň.
- Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant enjam goýlan bolsa,
ulanmazdan öň lukmanyňyza ýa-da implant enjamyň öndürijisine ýüz
tutuň.
- Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy ulanmazdan öz
lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
- Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik klinikada ýa-da edarada
birnäçe näsagda ulanmak üçin niýetlenilmeýär.
BATAREÝIŇ HOWPSUZLYGY BOÝUNÇA GÖZÜKDIRIJILER
- Bu enjamda diňe professional işgärler tarapyndan aýrylmaly batareýalar
bar.
- Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň
batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns
bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry
ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär. Enjam bilen üpjün
edilýän esbaplar dürli önümlerde dürli bolup biler.
- Diňe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş materiallaryny ulanyň.
- Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary günüň göni düşýän
şöhlesine ýa-da ýokary temperaturalara sezewar etmäň.
- Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa, onuň reňki üýtgese ýa-
da zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi
ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-e ýüz tutuň.
- Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly ojaklaryň ýa-da induksiýaly
ojaklaryň içine salmaň.
- Batareýleriň gyzmagynyň ýa-da zäherli ýa-da howply maddalary
çykarmagynyň öňüni almak üçin önümi ýa-da batareýleri açmaň, olarda
üýtgeşme etmäň, olary deşmäň ýa-da olara zeper ýetirmäň. Batareýlerde
gysga utgaşma etmäň, olara aşa zarýad bermäň ýa-da ters tarapdan zarýad
bermäň.

Bekijk gratis de handleiding van Philips Sonicare 5500 Series HX7111, stel vragen en lees de antwoorden op veelvoorkomende problemen, of gebruik onze assistent om sneller informatie in de handleiding te vinden of uitleg te krijgen over specifieke functies.

Productinformatie

MerkPhilips
ModelSonicare 5500 Series HX7111
CategorieNiet gecategoriseerd
TaalNederlands
Grootte51731 MB