Philips Sonicare 5500 Series HX7111 handleiding
Handleiding
Je bekijkt pagina 499 van 755

Türkmençe
499
Türkmençe
Giriş
Philips Sonicare maşgalasyna hoş geldiňiz! Bu diş çotgasy has kämil daş
aýyrmaklygy, has akja dişleri we has sagdyn diş etlerini üpjün edýär. Sonicare-iň
näzik sesli tehnologiýasyny hem-de kliniki taýdan ösdürilip, subut edilen
aýratynlyklaryny bilelikde ulanmak arkaly, her gezek iň tämiz arassaçylygy
alýandygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiňiz.
Goşmaça goldaw we önüm bellige almak şu saýtda elýeterlidir:
www.philips.com/support
Möhüm howpsuzlyk maglumaty
Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň. Önümi we onuň
batareýalaryny hem-de esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns bilen
okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry ulanmak
howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.
DUÝDURYŞLAR
- Diňe hakyky Philips esbaplaryny ýa-da sarp ediş materiallaryny ulanyň. Eger
berlen bolsa, diňe original USB kabelini we USB tok üpjünçilik bloguny
ulanyň.
- Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek şaýlary ýokdur. Eger
enjama zeper ýetse, ony ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky Müşderi
goldawy merkezine ýüz tutuň. USB kabele zeper ýeten bolsa, ony ulanmagy
bes ediň.
- Zarýadnikleri suwdan uzakda saklaň.
- Arassalanyňyzdan soň zarýad berijileri we syýahat wagtynda zarýad beriş
çehollaryny birikdirmezden ozal olaryň doly gurandygyna göz ýetiriň.
- Enjamy çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak boýunça
gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky
we degişli howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-
da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we bilimi bolmadyk şahslar hem
ulanyp biler. Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we
ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş işlerini geçirmeli däl.
- Çagalaryň önüm bilen oýnamazlygyny üpjün etmek üçin olary gözegçilikde
saklamaly.
- Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç ýuwujyda arassalamaň.
- Adapterleri we zarýad berijileri açyk howada ýa-da gyzdyrylýan üstleriň
ýakynynda ulanmaň.
- Bu enjam diňe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin dizaýn edilendir.
- Gyllary mynjyran ýa-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň.
Nasadkany her 3 aýdan ýa-da könelme alamatlary ýüze çyksa, ondan hem ir
çalşyryň.
Bekijk gratis de handleiding van Philips Sonicare 5500 Series HX7111, stel vragen en lees de antwoorden op veelvoorkomende problemen, of gebruik onze assistent om sneller informatie in de handleiding te vinden of uitleg te krijgen over specifieke functies.
Productinformatie
| Merk | Philips |
| Model | Sonicare 5500 Series HX7111 |
| Categorie | Niet gecategoriseerd |
| Taal | Nederlands |
| Grootte | 51731 MB |







