Philips Sonicare 5500 Series HX7111 handleiding

755 pagina's
PDF beschikbaar

Handleiding

Je bekijkt pagina 514 van 755
514
Türkmençe
Arassalamak
Diş çotgasynyň tutawajy
1
Nasadkany aýryň we metal wally ýeri hem-de düwmeleri ýyly suw bilen
ýuwup durlaň. Tutawaçdaky we düwmeleriň töweregindäki diş pastasynyň
galyndylaryny azyndan hepdede bir gezek aýyrýandygyňyza göz ýetiriň,
ýöne iň gowusy her gezek ulanyşdan soň aýyrmak bolup durýar.
Seresap boluň: Metal waldaky ýa-da düwmeleriň töweregindäki rezin
dykyzlandyryjyny ýiti zatlar bilen arassalamaň, sebäbi beýtmek zeper
ýetirip biler.
2
Tutawajyň tutuş ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.
Bellik: Artykmaç suwuny aýyrjak bolup, tutawajy rakowina kakmaň.
3
Tutawajy ýumşak mata ýa-da süpürgiç bilen guradyň.
Nasadka
1
Her ulanyşdan soň nasadkany we gyllary ýuwup durlaň.
2
Azyndan hepdede bir gezek nasadkany tutawaçdan aýryp, nasadkanyň
birikmesini ýyly suw bilen ýuwup durlaň. Syýahat gapagyny näçe ýygylykda
zerur bolsa ýuwup durlaň we howa bilen guradyň. Diňe gury nasadkany
ulanyň.
Bellik: Nasadkanyň gapagy ony daşamakda ulanylýar we hemişe ulanylmaga
niýetlenilmeýär.
Zarýadnik
1
Zarýadnigi arassalamazdan öň, ony tokdan aýryň.
2
Zarýadnigiň ýüzüni çygly mata bilen süpüriň.

Bekijk gratis de handleiding van Philips Sonicare 5500 Series HX7111, stel vragen en lees de antwoorden op veelvoorkomende problemen, of gebruik onze assistent om sneller informatie in de handleiding te vinden of uitleg te krijgen over specifieke functies.

Productinformatie

MerkPhilips
ModelSonicare 5500 Series HX7111
CategorieNiet gecategoriseerd
TaalNederlands
Grootte51731 MB